«Guangdong
Hongda Blasting» kompaniýasy sesden hem çalt uçýan täze «HD-1» raketasynyň
barlag uçuşlaryny üstünlikli tamamlady. Kompaniýanyň hünärmenleri raketanyň
hemme aýratynlyklarynda öz maksatlaryna ýetendiklerini belleýärler. Barlag uçuşlarynda
raketanyň uçuş güýji we uçuş gözegçilik ulgamlary doly barlandy.
Täze raketada kämilleşdirilen ygtybarly ýangyç tehnologiýasy ulanyldy. Ony işläp düzen kompaniýa geljekde raketanyň howadan, guryýerden we deňizden zyňylýan görnüşlerini müşderilerine hödürlär. Kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, kämilleşdirilen ygtybarly ýangyç tehnologiýasy raketanyň agramynyň has ýeňil bolmagyna we az ýangyç bilen uzak aralyga gitmegine mümkinçilik berýär. Barlag uçuşy raketanyň ähli tarapdan uçuşa taýýardygyny subut etdi. «HD-1» raketasy kompaniýanyň öndüren ilkinji önümidir.