milli goshun logo
Serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy
Serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy
15.06.2024 105 Habarlar | Harby Bilim

Harby uçurymlaryň gutardyş dabarasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli ýokary okuw mekdebini tamamlaýan harby uçurymlara  ýokary hünär bilimi baradaky diplomlar, döşe dakylýan nyşanlar we serkerdelik şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine kasam kabul etdiler.

Hormat garawuly batalýonynyň esgerleriniň görkezme çykyşlarynda we teatrlaryň artistleriniň edebi kompozisiýalarynda türkmen halkynyň taryhyna aýdyň sahypa bolup giren milli gahrymanlarymyzyň keşpleriniň döredilmegi bu ýerde guralan çykyşlaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ykbalyny Watan goragçysy ýaly asylly käre baglan ýaşlaryň, çärä gatnaşyjylaryň dabaraly harby ýörişi ýatda galyjy wakalara beslendi.

Dabara mynasybetli düşürilen täsirli pursatlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!