1-nji aprelda
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi, onda
ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky
meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde şeýle
hem guramaçylyk meselesine garaldy, oňa laýyklykda, A.Dadaýewiň pensiýa çykmagy
sebäpli, ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy
wezipesinden boşatmak hakyndaky arzasy kanagatlandyryldy.
Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýewiň
üstüne ýüklenildi.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň telekeçilerini hemişe goldaýandygy, türkmen halkynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Watanymyzyň geljekde hem abadançylygynyň bähbidine ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryny ynandyrdylar.