milli goshun logo
Sazandalaryň we bagşylaryň milli bäsleşigi jemlendi
Sazandalaryň we bagşylaryň milli bäsleşigi jemlendi
12.04.2021 1394 Habarlar

9-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň medeniýet ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan «Dutar ýasamak senetçiligi, saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bu döredijilik gözden geçirilişiniň maksady – türkmen halkynyň we dünýä medeniýetiniň taryhy-medeni mirasynyň gymmatly baýlygy hasaplanýan bagşyçylyk sungatyny köpçülige giňden ýaýratmak, şeýle-de, milli saz gurallaryny ýasamagyň ussatlygyny kämilleşdirmek, hünär tejribesini alyşmak we dutarçylyk, bagşyçylyk senediniň milli mekdebini ösdürmekdir.

Bäsleşige ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, medeni merkezleriň we teatrlaryň işgärleri hem-de çeper höwesjeňler gatnaşdylar. Bäsleşik üç ugur: dutar ýasamak, dutar çalmak we bagşyçylyk senedi boýunça geçirildi.