milli goshun logo
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
Sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi
27.02.2024 517 Habarlar

Düýn – 26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem-de welaýat häkimleri ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, baglaryň ekiljek ýerlerini, bag nahallaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.