Düýn – 25-nji
martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň
hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Sanly ulgam arkaly
geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.
Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda sebitde gowaça ekişine girişildi we bu möwsümi agrotehniki
möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalarynyň, gurallaryň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär.
Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki
gök-bakja ekinleriniň ekişi geçirilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümine hem
taýýarlyk görülýär. Ýüpekçiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek
gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri
arzuw etdi.