Düýn – 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba
hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen
bagly meselelere garaldy.
Maslahatyň
dowamynda welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan
möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly,
şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin
gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak, hatarara
bejergi, ýekelemek we otag işleri geçirilýär. Bu ugurda ulanylýan oba hojalyk
tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý
daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki tehnikalary galla oragy
möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hormatly
Prezidentimiziň ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin
üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma,
beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam etdirilýär.
Pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady
bilen, welaýatyň pileçi kärendeçileri tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek
işleri alnyp barylýar.
Sanly ulgam arkaly
geçirilen iş maslahatynyň barşynda başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp,
hormatly Prezidentimiz olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi we birnäçe
resminamalara gol çekdi.