22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Sanly Türkmenistan dünýä habarlar giňişligindäki ornuny giňeldýär
Sanly Türkmenistan dünýä habarlar giňişligindäki ornuny giňeldýär
03.08.2020 174 Habarlar

1-nji awgustda Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini, milli Liderimiziň amala aşyrýan üstünlikli syýasatyny giňden ýaýmaga, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny dessin beýan etmäge gönükdirilen web-serişdelerinde täze üýtgetmeleriň birbada birnäçesi girizildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy.

Şonuň ýaly-da, bu saýtda ýene-de bir täze bölüm — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan onlaýn sergi peýda boldy. Bu wirtual sergide Diýarymyzyň ähli pudaklary, olaryň esasy edaralary we kärhanalary ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler, şol sanda daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen önümler görkezilýär.

Bulardan başga-da, Daşary işler ministrligi elektron görnüşdäki «Halkara täzelikleri» gazetini neşir etmäge girişdi. Onuň ilkinji sany daşary syýasat edarasynyň saýtynda çap edildi.