GARAŞSYZLYK – türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleň öýdümine deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr.
GARAŞSYZLYK – parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy bolup, pederlerden dowam bolan sowulmajak täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary! Eýsem, dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy şöhlelendirmekden, dünýäde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?!
Ine, şol bagtyň agzybirlige ýugrulan sergin şemaly halkymyzy abadan ýaşaýşyň ruhuna gaplap aldy. Şeýdip, merdana pederlerimiziň jahany baglan şan-şöhraty bilen berkarar bolan ýurt Garaşsyzlygy – pederlerimiziň arzuwlan parahatçylygynyň durmuşa ornaşdyrylan subutnamasyna öwrüldi.
Hut şol subutnamalaryň biri-de bu gün şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň Baş münberinde guralan baýramçylyk dabarasynda beýan tapdy. Baýramçylyk dabarasy eýýäm ençeme ýyldan bäri däp bolşy ýaly, bu ýyl hem harby ýöriş bilen başlandy. Munuň şeýle bolmagy, ýöne ýerden däl. Bu ýagdaý ýurdumyzda Watan goragçylarynyň sarpasynyň belentde tutulýanlygyndan nyşandyr. Şol nukdaýnazardan, merdana Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görüp, mertlik, merdanalyk häsiýetlerini kämilleşdirip, dabaraly ýörişden ruhy taýdan joşgun, hyjuw bilen geçmekleri bu sarpanyň mynasyp jogabydyr. Merdemsi we sazlaşykly ädimleri bilen aýak urup barýan gerçeklerimizi gören her bir adamyň kalbyndaky buýsanjy gursagyna sygmady.
Harby ýörişde Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatny alamatlandyrýan harby tehnikalaryň hem Baş münberiň öňünden birsydyrgyn geçmegi baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny baýlaşdyrýan şol tehnikalaryň aglabasy hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen, diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyzy pugtalandyrmak maksady bilen täzelikde satyn alyndy.
Gujur-gaýratlaryny ädimlerinden äşgär edýän gerçeklerimiziň içinde Zenanlar batolýonynyň bolmagy, olaryň hereketleriniň takyklygy we gözelligi, hatarlarynyň sazlaşygy kalbyňda buýsanç duýgularyny oýarýar. Bu zatlaryň sakasynda yzygiderli taýýarlyk, çyn yhlas we arassa zähmet ýatyr. Olar umumylykda, Watan goragçylaryna şol yhlasy gazandyrýan mümkinçilikleriň ählisini aňryýany bilen döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalarynyň miwesi bolup durýar.
«Milli goşun»