milli goshun logo
Şanly sene mynasybetli aýdym-sazly dabaralar
Şanly sene mynasybetli aýdym-sazly dabaralar
19.05.2023 1033 Habarlar

18-nji maýda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen sungat ussatlarynyň konserti Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň iň şowhunlylarynyň biri boldy.

Ýurdumyzyň meşhur bagşy-sazandalary, tans we folklor toparlary öz çykyşlaryny halkymyzyň ýeten belent sepgitlerine, gazanan üstünliklerine, mähriban Watanymyza bagyşladylar. Dabaraly konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň we Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Parla, ýaşyl tugum!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda döwletimiziň esasy nyşanlarynyň biri bolan hem-de halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşyl tugumyz wasp edilýär. «Dokmaçylar» folklor toparynyň ýerine ýetiren «Arkadagly Serdarymyz, jebisdiris daşyňyzda!» atly kompozisiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasaty bilen berk baglanyşykly häzirki ajaýyp günümiz, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi wasp edildi.

Çagalar tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk konsertiniň bezegi boldy. Türkmenistan bagtyýar çagalygyň ýurdudyr. Çagalaryň milli äheňe beslenen çykyşynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň, «Galkynyş», «Näzli», «Laçyn», «Meňli», «Miras», «Serpaý», «Aşgabat» tans toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylar ýurdumyzyň meşhur saz toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. «Miras» tans topary küştdepdi tansyny ýerine ýetirdi.

Dabaraly konsert gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdym bilen tamamlandy.