13-nji martda
geçirilen hökümet mejlisinde B.Öwezow «Sanly çözgüt –2020» atly innowasion
taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Ýaşlar
baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrüň
ösen talabyna laýyklykda bilimli bolmagy üçin zerur şertleri döretmek, olaryň
hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we
beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen,
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Sanly çözgüt — 2020» atly bäsleşigi geçirmegi meýilleşdirýär. Ol saglygy goraýyş,
ylym we bilim, senagat, ulag hem-de aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi
telekeçilik hem-de «akylly» şäher ýaly ýedi ugur boýunça geçiriler. Bäsleşigiň
jemleri «Türkmentel — 2020» halkara sergisiniň çäklerinde jemlener.
Döwlet Baştutanymyz «Sanly çözgüt — 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini amala aşyrmak baradaky teklibi makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.