milli goshun logo
Saglygy goraýyş, bilim we sport – bagtyýarlyk, rowaçlyk
Saglygy goraýyş, bilim we sport – bagtyýarlyk, rowaçlyk
12.10.2023 608 Habarlar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni täze taryhymyzyň şöhratly sahypalaryna zerewşan harplar bilen ýazylýar. Bu buýsançly ýagdaý Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny dünýä derejesinde barha beýgeldýär. 10-njy oktýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän abraýly forumlaryň birine öwrüldi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Her ýyl geçirilýän bu foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Ol innowasion tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanyp, täze pikirleri, çemeleşmeleri teklip edýär. Sergä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşýarlar. Şolaryň arasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini, dürli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän, tebigy kosmetiki önümleriň giň görnüşlerini, çaga iýmitini öndürýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 150-den gowragy, şol sanda Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gruziýadan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Italiýadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Polşadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan kompaniýalar gatnaşýarlar. Lukmançylyk gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan «Seda Medical», «Philips», «Vichy», «Horiba», «Olympus», «B.Braun», «Sandoz», «Roche», «Zimmer», «Bionoricа», «Siemens», «Askin and Co», «Medtronic», «Getinge», «Alves», «Orica» we başga-da köp sanly kompaniýalar bar.

Däp bolşy ýaly, sergi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pawilýony bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri aradan aýyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilýändigini tassyklaýan halkara güwänamalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Mälim bolşy ýaly, türkmen lukmanlarynyň bu ugurdaky tejribesini BSGG-niň Ýewropa sebitiniň döwletlerinde ýaýratmak maslahat berildi.

Sergi diwarlygynda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy işleri ýerleşdirilipdir. Onuň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sergi diwarlygy bar. Mälim bolşy ýaly, öz döredilen wagtyndan bäri gazna bu ugurda netijeli işleri amala aşyryp gelýär. Munuň özi çagalara özleri baradaky edilýän aladany doly derejede duýmaga we jemgyýetde mynasyp ornuny tapmaga mümkinçilik berýär. Gaznadan Döwletliler köşgünde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän howandarlyga mätäç ýaş türkmenistanlylara paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, lukmançylyk serişdelerini satyn almak, olaryň alýan bejergileriniň tölegleri üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Şeýle-de howandarlyga mätäç çagalara, mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna gaznanyň hasabyna protez önümleri, eşidiş enjamlary, maýyplar üçin arabalar satyn alyndy.

Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Ozal habar berşimiz ýaly, kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy maslahatyň açylyşy boldy. Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda sanly ulgam arkaly geçirilen ýaş alymlaryň «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige Azerbaýjandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gruziýadan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Özbegistandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden we Wýetnamdan ýaş alymlardyr hünärmenler möhüm ugurlar boýunça özleriniň ylmy işlerini, taslamalaryny hödürlediler.

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly forumyň çäklerinde Garaşsyzlyk seýilgähindäki «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy. Tomaşaçylar halk we häzirki zaman aýdymlaryny, tanslary ýerine ýetiren artistleri şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.

Eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda geçirilýän şeýle iri göwrümli forumlaryň dowamaty dowam bolup, nesilleriň ýagty ykbalyna nuranalyk çaýsyn!