Düýn – 22-nji maýda
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw
Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun»
kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
Döwrebap
tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamy
dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge
mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin
niýetlenen bu lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän
näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny
gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam berýär.
Enäniň we çaganyň
saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine täze enjamlaryň sowgat berilmegi
mynasybetli şu gün geçirilen dabara gatnaşyjylar – haýyr-sahawat gaznasynyň
kömegi esasynda operasiýa edilen we saglygyny dikelden çagalar, olaryň kalby
hoşallykdan doly ene-atalary, köp sanly saglygy goraýyş işgärleri Gahryman
Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize öz geljegine ynamly garaýan türkmen
halkynyň bagtyýar durmuşy ugrundaky yzygiderli aladalary üçin tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan etdiler.