Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan
Arkadag şäheri «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan, ýaşamak üçin iň
döwrebap amatlyklar döredilen sebitde deňi-taýy bolmadyk şäherdir. Arkadag
şäherini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, hususan-da,
emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, bilim, şäherleşme, saglygy goraýyş
ulgamlarynda täzeçil çemeleşmeleri bu şähere ornaşdyrmak babatda özara tejribe
alyşmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşmak maksady
bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, hormatly
Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 11 –
14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý we Abu-Dabi şäherlerinde
gulluk iş saparynda bolar.
***
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de
ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek,
şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama
laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň «Parahat – 7»
ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň
taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak
barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar
berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň fewralynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri hem-de çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.