milli goshun logo
Resmi habarlar
Resmi habarlar
25.03.2024 470 Habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

                            ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Annaýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

                            ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annadurdy Erkinowiç Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

                            ***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Annaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.