Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atageldi Nepesowiç Bäşimow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.