«Bilim hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama bilen, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama
tassyklanyldy.
* * *
Türkmen halkynyň
gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan
ugur alyp hem-de Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan
ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň
fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet
konserni 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi
hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz iberer.