Türkmenistanyň
Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum
meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de
desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde
täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, maddy
hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda degişli iri
önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen
möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat
şäheriniň häkimleri gözegçilik ederler.
Gurluşyk we binagärlik ministrligine şol binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň hiline gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle-de möhlet tertibine laýyklykda, her aýda ulanmaga tabşyryljak binalary we desgalary kesgitläp, olaryň geçiriljek çäreleriň we açyljak medeni-durmuş maksatly binalaryň aýlyk tertibine goşulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.