Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde
ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we
biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy,
importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň
innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak, şeýle hem
biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy
esaslaryny işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol
çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn
ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala
aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.