Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de
ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, öňdebaryjy
tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem
dünýä ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim
edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal
welaýatynyň häkimligine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak
şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk
umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini
abadanlaşdyryp gurmak barada «Baýly gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany
umumybilim berýän mekdep we umumy ýaşaýyş jaýy üçin daşky eltiji inženerçilik
ulgamlaryny çekip bermek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak hem-de umumybilim berýän mekdebi we umumy
ýaşaýyş jaýyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip
tabşyrmak bellenildi.