Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasiýa
ýoly bilen ösdürilip, ýokary tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde,
ýurduň eksport kuwwatynyň barha ýokarlanýan döwründe ýokary hilli, bäsdeşlige
ukyply harytlarymyzyň daşary ýurt bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini
artdyrmaga ýardam bermek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 —
2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda»,
«Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin
Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistanyň sergileri, ýygnaklary we maslahatlary guramak işini
kämilleşdirmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin strategiýasy hem-de ony amala
aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.