Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol
çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw
mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul
etmegiň meýilnamasy; 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine
okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär
okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly – 26-njy
awgusty aralygynda guramak;
okuwa kabul etmek boýunça giriş
synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek
bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol
çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär
okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Döwlet toparyna 2024-nji ýylda
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge
guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde
geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň
häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul
etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri
döretmäge borçly edildi.