Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektoryna «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen «Wolganyň döwlet suw ulaglary uniwersiteti» ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň şahamçasy — General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.