Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk
keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş
şertlerini döretmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri
üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol
çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligine Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň
taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada
«Baş bina» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna
baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun
aýynda başlamak hem-de edara binasyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga
doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.