Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet
maksatnamasyny, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň
Kanunyny ýerine ýetirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni
almak boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigine wirusa
garşy derman serişdeleriniň zerur bolan möçberini satyn almak barada Russiýa
Federasiýasynyň derman serişdelerini öndüriji kärhanalary bilen şertnamalary
bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.