Beýik ata-babalarymyzyň
wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen
jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da
pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli,
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi
mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar
mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini
çekmekden boşadyldy.