Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022
– 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen
wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyz üçin oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş
şertlerini döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk
keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara
gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş
edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň «Parahat – 7»
ýaşaýyş toplumynda 4 sany 9 gatly, her biri 36 öýli, 4 sany 9 gatly, her biri
54 öýli, 2 sany 9 gatly, her biri 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň
taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak
barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar
berildi.
Gurluşyk işlerine
2024-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we
desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak
bellenildi.