milli goshun logo
Pudagara toparynyň mejlisi
Pudagara toparynyň mejlisi
20.07.2020 551 Habarlar

18-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda Toparyň ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň jemleri jemlendi. Şeýle hem döwlet düzümleriniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň agentlikleri hem-de ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga we döwletiň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülýändigi bellenildi. Şeýle hem ykdysadyýeti, medeniýeti we ylmy ösdürmek, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça iri möçberli maksatnamalaryň amala aşyrylýandygy bellenildi.