Düýn – 6-njy aprelde Daşary işler
ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy
babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça
pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri
gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine 2024-nji ýylyň
üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, «Türkmenistanda adam hukuklary
boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny»,
«Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň
milli meýilnamasyny», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek
boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» amala aşyrmak
bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Mejlisiň dowamynda Adalatçynyň
diwanynyň gurluşynda işiň täze ugurlaryny açmak bilen baglanyşykly meselelere
seredildi. Çykyşlarda BMG-niň düzüm bölümleri we beýleki abraýly guramalar
bilen bilelikde amala aşyrylýan işlerde zähmet gatnaşyklaryny häzirki döwrüň
talaplaryna laýyklykda guramaga gönükdirilen toplumlaýyn çärelere aýratyn
ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara Zähmet Guramasy bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, birnäçe halkara resminamalaryna goşulmagyň
mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pudagara toparyň mejlisinde başga-da
birnäçe beýleki meselelere garaldy.