Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde
HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman
Arkadagymyz hem-de HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň
Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän hem-de uzak geljegi
nazara alyp ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara
alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk tamamlanandan soňra,
Gahryman Arkadagymyzyň HHR-e iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn
resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda:
– Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk
hakynda Ylalaşyk;
– Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.