Ýakynda «Robotic Research LLC» kompaniýasy
özüniň täze «Pegasus Mini» atly enjamyny hödürledi. Bu enjam guryýerde hem-de
howada uçýan uçarmansyz uçarlaryň derejesinde (gibrid, uçarmansyz uçar ulgamy
ýa-da sürüjisiz guryýer tehnikasy) döredilen Pegasusyň asyl nusgasynyň has kiçi
görnüşidir. Täze enjamyň kömegi bilen öňki uçarmansyz uçarlaryň ýa-da guryýer
tehnikalarynyň ýerine ýetirip bilmeýän operasiýalaryny hem amala aşyryp bolýar.
Bu tehnika ilkinji kömek beriji toparlara hem-de harby we hukuk goraýjy
edaralara özüniň täze mümkinçilikleri hödürleýär.
«Pegasus Mininiň» gibrid (uçarmansyz uçar ulgamy ýa-da sürüjisiz guryýer tehnikasy) tehnologiýasy dolulygyna awtomatlaşdyrylandyr. Onda ýokary tizlikli uçuş we sürüş aýratynlyklary bilen kämilleşdirilen GPS kartasy ýerleşdirilip, ozal uçarmansyz uçarlarda ýa-da sürüjisiz guryýer tehnikalarynda bolmadyk goşmaça mümkinçilikler bilen üpjün edilendir. Tehnika derňew, halas ediş, çalt jogap bermek, nebit-gaz, harby edaralar, jemgyýetçilik howpsuzlygy we başga-da birnäçe edaralaryň, guramalaryň işinde uly ýardamçy bolar.