28.01.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi
Paýtagtymyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi
30.11.2021 153 Habarlar

29-njy noýabrda paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahata YHG-nyň Baş sekretary, YHG-a agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.