23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty
geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine
şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan
beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp
maslahatlaşmak meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz umumymilli foruma gatnaşyjylaryň
öňünde maksatnamalaýyn söz sözledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyna
gatnaşyjylara söz berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
raýatlarymyzyň her biriniň ata Watanymyzyň üstünliklerine mynasyp goşant
goşýandyklaryny belläp, ýurdumyzy ösdürmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken
halal zähmetini göz öňünde tutup hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy
mynasybetli, zähmetde has tapawutlanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglary bilen
sylaglamak hakynda karara gelendigini habar bermek bilen, degişli resminamalara
gol çekdi.