28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günbatar künjeginde täze, döwrebap ýaşaýyş jaý
toplumynyň, umumybilim berýän mekdebiň, çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş
merkeziniň we beýleki desgalaryň açylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz şowhunly el çarpyşmalaryň astynda
täze ýaşaýyş jaý toplumynyň toý bagyny kesdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgala agzalary myhmançylyga
çagyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde bina edilen
320 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň binasyna hem bardy.
Soňra döwlet Baştutanymyz şanly waka mynasybetli bu ýerde
guralan dabara gatnaşýan daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri we halkara
guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olary Täze ýyl
baýramy bilen gutlady we diplomatlara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti
bolan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bu ýerde otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 4
gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si guruldy. Olar 3064 maşgala üçin niýetlenendir.