Düýn – 28-nji noýabrda Söwda-senagat
edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň
«Agro-Pak Türkmenistan – 2023» atly halkara sergisi açyldy. Serginiň açylyş
dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň we
daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, hususy telekeçileriniň 90-a golaýy bu ýerde
öz önümlerini görkezdiler. Ýurdumyzyň Oba hojalyk, Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrlikleri bilen bir hatarda, Azerbaýjandan, Eýrandan,
Germaniýadan, Moldowadan, Niderlandlardan, Russiýadan, Türkiýeden we
Özbegistandan gatnaşyjylar halkara sergide öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Olarda innowasion tehnologiýalara we nou-haulara üns çekildi.
Döwlete dahylsyz ulgamyň ykdysadyýetde eýeleýän ornunyň barha artdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Häzirki wagtda telekeçiler çaga iýmitleriniň, miweden we gök önümlerden taýýarlanylýan şireleriň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, balyk önümleriniň, şöhladyň, süýji-köke önümleriniň köp görnüşlerini öndürýärler. Şeýle-de sergide görkezilýän diwarlyklaryň hatarynda iri ýyladyşhana hojalyklary, guşçulygy, maldarçylygy, gök we bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän döwrebap toplumlar hem bar.
Umuman, şu gezekki sergi ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen işlerde uly üstünlikleri gazanmaga täze itergi berjek möhüm wakadyr.
Halkara sergi öz işini dowam edýär.