Türkmenistan ählumumy gün
tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda
täze başlangyçlary öňe sürüp, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit
hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz
dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň
bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. Munuň
şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bişkek şäherinde
geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
nobatdaky mejlisinde öňe süren birnäçe möhüm teklipleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä
ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda
Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär. Bu başlangyç Baş Assambleýanyň 78-nji
sessiýasynyň barşynda beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz bu
strategiýanyň möhüm ugurlarynyň üçüsini anyklaşdyryp, olaryň birinjisi
hökmünde gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň, aradan aýyrmagyň,
olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş
diplomatiýasynyň ýörelgelerini kesgitledi. Strategiýanyň ikinji ugry
syýasy hukuk dereje hökmünde oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen
baglydyr. Munuň özi diplomatik serişdeleriň we usullaryň ähli görnüşlerini
ulanmak arkaly jedelleridir gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen
kadalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär
Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlyk
strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak
dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almak wajyp hasaplanýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de
2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip
yglan etmek hakyndaky çözgütleriniň orny iňňän uludyr.