Düýn – 11-nji aprelde Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygy ilerletmek:
ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa
geçirmek» atly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary döwletleriň we
halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň
ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar
gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň
başlangyjy esasynda kabul edilen Kararnamalaryň ýüze çykýan düşünişmezlikleri
syýasy-diplomatik gurallar arkaly parahatçylykly ýol bilen çözmäge ýardam
etmäge, şol bir wagtda döwletleriň arasynda ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga gönükdirilendigi, ynanyşmak we parahatçylyk medeniýetini
ilerletmekde bilelikdäki tagallalaryň çäklerinde Türkmenistan we ÝHHG
tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän
ýylynda beýik şahyryň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça zerur işleri durmuşa
geçirilýändigi barada aýdyldy.
Çykyş edenler Ýer ýüzünde
parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik,
ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini
işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň işjeň ornuna oňyn baha berip, häzirki döwürde
bütin adamzady tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň
giňeldilmeginde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.