milli goshun logo
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat
19.05.2024 409 Habarlar

Düýn – 18-nji maýda paýtagtymyzda beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady meşhur türkmen şahyry Magtymgulynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden hem-de wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan halkara maslahatyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy diňlenildi.

Çykyş edenler beýik türkmen nusgawy şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, degişli ylmy gözlegleri çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, onuň şahyrana döredijiligine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilen tagallalaryň türkmen halkynyň köpasyrlyk paýhasyny, şahyrana diliniň gözelligini özünde jemleýän, döredijiligi arkaly Ýer ýüzüniň her bir ýaşaýjysyna ýakyn bolan gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyragynyň beýikligini bütin dünýä görkezmek maksadyndan ugur alýandygyny nygtadylar.

Jemleýji mejlisde myhmanlar Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize akyldar şahyryň döredijilik mirasyny dünýäde giňden wagyz etmäge berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdiler.