29.01.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
21.10.2022 135 Habarlar

20-nji oktýabrda agşam Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.

Özbegistanyň Baştutanynyň Türkmenistana şu gezekki resmi sapary hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçiriljek gepleşikler taraplaryň tagallalary bilen netijeli ösdürilýän döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.