milli goshun logo
Owganystanyň halkynyň adyndan hoşallyk
Owganystanyň halkynyň adyndan hoşallyk
17.05.2023 388 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Owganystandan hoşallyk hatlary gelip gowuşdy. Hatlarda owgan halkyna iberilen nobatdaky ynsanperwerlik kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etdirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, harytlar hem-de azyk önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana iberildi.

Bu ynsanperwerlik ýüküniň goňşy ýurda gelip gowuşmagy mynasybetli Owganystanyň DIM-niň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň başlygy Möwlewi Aminulla Sadyk, Farýab welaýatynyň häkiminiň orunbasary Möwlewi Hamidulla Erşad, Adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça döwlet ministrliginiň Üpjünçilik departamentiniň başlygy Möwlewi Ahmad Şah Zahin, Owgan türkmenleriniň yslam raýdaşlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Amanullah Hakýar hatlarynda owgan halkyna berilýän yzygiderli kömek we ýardam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, bu ýerde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkarar bolmagyna Türkmenistanyň ägirt uly goşant goşýandygyny nygtadylar.