Düýn – 4-nji martda paýtagtymyzda
owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň
maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli
hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet
düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň
ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi.
Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň
aglabasy ýurdumyzda öz mümkinçiliklerini ilkinji gezek tanyşdyrýarlar. Olar
köpugurly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy
giňeltmegi maksat edinýärler.
Söwda-senagat edarasynyň sergiler
merkezinde bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde halk aýdym-sazlary ýaňlandy.
Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary
döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik
wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işewürler
gatnaşdylar.
Düýn açylan gözden geçirilişiň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-owgan işewürlik maslahaty öz işine başlady. Onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Mundan başga-da, bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň we Owganystanyň zenan telekeçileriniň duşuşygy geçirildi.
Bu gün – 5-nji martda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýurdumyzyň we owgan işewürleriniň gatnaşmagynda göçme söwda geleşikleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Owgan harytlarynyň sergisi 6-njy marta çenli dowam eder.