milli goshun logo
Ösüşiň täze belentliklerine tarap
Ösüşiň täze belentliklerine tarap
28.05.2023 706 Habarlar

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriň nobatdaky 15-nji jildi çap edildi. Onda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň dowamynda eden maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, söhbetdeşlikleri, şanly wakalar we umumymilli baýramlar mynasybetli halkymyza iberen Gutlaglary ýerleşdirildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň taýýarlamagynda neşir edilen bu kitap amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ösüşini, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gazanylýan üstünlikleri açyp görkezýän möhüm ylmy-resminamalaýyn we maglumat-aň-bilim çeşmesi bolup hyzmat edýär. Saýlanan eserleriň «Türkmenistanyň döredijilikli syýasaty — ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna» atly bölümi, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçen 2021-nji ýylyň möhüm wakalaryna, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramlaryna bagyşlanan wakalary öz içine aldy.

Kitapda ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmagyň we sanlylaşdyrmagyň, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň, ylmy, bilimi, medeniýeti, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek arkaly, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny dowam etdirmegiň ýolunda öňe ilerlemeleri beýan edýän maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ählumumy abadançylygyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine köptaraply mümkinçilikleriň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň düzümlerini özgertmek, ony köpugurly esasda ösdürmek, senagatlaşdyrmak, baý tebigy serişdeleri özleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak, eksport ugurly önümleri artdyrmak, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, sebitara we halkara derejeli häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek ähmiýetli işleriň hatarynda görkezildi.