Düýn – 29-njy ýanwarda
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine
ýolbaşçylyk edip Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň
Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň
orunbasary Hao Minszin bilen duşuşygy boldy.
Mejlisiň Başlygy
myhmanlary mähirli garşylap, hytaýly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan
giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň
gatnaşýandyklaryny we köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda
parlamentara dialogyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Soňky ýyllarda
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa – Hytaý»
görnüşinde üstünlikli ösdürilýän, iri halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji
nobatda, BMG-niň çäklerinde döwletara dialogyň ýokary derejesine oňyn baha
berip, söhbetdeşler iki ýurduň hem deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak
ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze itergi bermegi maksat edinýändigini
tassykladylar.
Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda Türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli dialogy pugtalandyrmak boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.