Pekin şäherinde geçirilýän «Bir
guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen
Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda bolýan maşgalasy
Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň
çäginde şu gün Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Pekiniň sungat muzeýine hem-de
Hytaýyň zenanlar we çagalar milli muzeýine baryp gördi.
Pekiniň sungat muzeýine gelende,
Milli Liderimiziň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygynyň
maşgalasy Pen Liýuan bilen surata düşdi. Soňra belent mertebeli myhmanlar
muzeýiň «Dört deňziň joşuşy» zalynda, şeýle-de Hytaýyň milli teatr lybaslarynyň
sergilenýän zalynda ýerleşdirilen eksponatlar bilen tanyşdylar. Bu ýerde wekiliýet
Baştutanlarynyň maşgalalarynyň hanym Pen Liýuan bilen bilelikde Pekin opera
çykyşlaryna tomaşa etmegi hem täsirli boldy.
Hytaýyň zenanlar we çagalar milli
muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy muzeýiň ýolbaşçylary tarapyndan
mähirli garşylanyldy. Bu ýerde onuň Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy
Şen Ýueýue bilen gysga wagtlyk çaý başyndaky söhbetdeşligi boldy. Soňra olar
Türkmenistanyň haly we el işlerine bagyşlanan milli sergisiniň açylyş toý
bagyny kesdiler.
Bu muzeýde iri halkara forumyň
çäginde ýaýbaňlandyrylan türkmen milli sergisi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek
ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyryldy. Ol ene-mamalarymyzdan miras galan
gaýtalanmajak sungat hasaplanýan nepis türkmen halylarynyň dürli görnüşlerini,
el işleriniň nusgalaryny özünde jemleýär. Milli Liderimiziň maşgalasy,
Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň başlygy we beýleki wekiller üç bölümden
ybarat bolan sergi zallaryna aýlanyp gördüler.
Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa
hytaý tarapynyň wekillerine olarda ýerleşdirilen gymmatlyklar barada gürrüň
berdi. Onuň aýtmagyna görä, sergi ýüň halylar, ýüpek halylar, milli keşde we
matalar bölümlerinden ybarat bolup, ýüň halylar Türkmenistanyň howa şertlerinde
ýetişdirilýän saryja goýunlarynyň ýazlyk ýüňünden taýýarlanylýar. Ýüpek
gurçugyndan alnan ýüpekden dokalýan ýüpek halylar, öz gezeginde, has inçeligi
we berkligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlara Gadymy
«Pazyryk» halysynyň ilkinji gezek ýüpekde dokalan täsin nusgasy hem görkezildi.
Milli keşde we matalar bölüminde bolsa ýüpek keteniden taýýarlanylýan türkmen
zenanlarynyň lybaslaryna, olara özboluşly öwüşgin çaýýan keşdelere orun
berlipdir.