17.02.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Off-road taktiki tehnikasynyň täze nesli
Off-road taktiki tehnikasynyň täze nesli
16.08.2019 361 Tehnologiýa

Dürli kynçylykly ýollar üçin niýetlenen tehnikalaryň täze nesli bolan bu awtoulag barlaglardan üstünlikli geçdi. Tehnikanyň öňki aýnalaryna söweş meýdanyna girende ulanar ýaly ýokardan açylyp-ýapylýan sowutlanan ok geçirmeýän gabsa ýerleşdirilen. Tehnikanyň iki tarapynda hem iki sany uly gapy bar. Arka gapylar iki bölekden ybarat bolup, aşaky bölegi basgançak wezipesini ýerine ýetirýär. Ýokarky bölegi bolsa ýokarlygyna açylýar. Tehnikanyň içinde esgerleriň oturýan ýeri partlaýjy maddalara garşy goraglydyr.

Täze 4x4 çekijilikli tehnikanyň dolulygyna polat bilen sowutlanan göwresi topary 7.62mm kalibrli we ondan kiçi ýaraglaryň oklaryndan goraýar. Awtoulaga 7.62mm ýa-da 12.7mm mehaniki tüpeňi ýerleşdirip bolýar.

Täze tehnikanyň standart esbaplarynyň arasynda tekerleriň basyşyny sazlap bolýan sistema we tehnikanyň öňünde özüni halas ediji göteriji-kran ýerleşýär. Tehnikanyň söweşjeň agyrlygy jemi 6100 kg-dyr. Tehnikanyň ýokary tizligi sagatda 130 km/sag-dyr.