2020-nji ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça obasenagat toplumynyň önümçiliginiň ösüşi 115,7 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 116,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 106,1 göterime deň boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilýän mukdary 28,7 göterim köpeldi.
Diýarymyzyň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaý öndürip, bugdaý taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, içerki sarp edijileriň öz ýurdumyzda öndürilen çörek önümleri bilen üpjün edilmegi döwletimizde azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň çäklerinde aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy wezipeleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen oýlanyşykly syýasaty Türkmenistanyň azyk senagatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Şeýle strategiýa laýyklykda, oba hojalygyny we toplumyň beýleki pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu gün däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, maldarçylyk, guşçulyk, gök ekerançylyk, bagçylyk, üzümçilik, bakjaçylyk, ary balyny öndürmek hem-de pudagyň beýleki ugurlary sazlaşykly ösdürilýär.