3-nji aprelda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer M.Meredow
ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin
maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 109,8 göterim, nebiti
gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 116,4
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105,9 göterim, polipropilen
öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy
104,8 göterim ýerine ýetirildi.
Suwuklandyrylan gazyň ösüş depgini 110,3 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 104,4 göterime, daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň ösüş depgini 102,1 göterime deň boldy.