Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkymyzyň her güni toý-baýram, şanly dabara. Ine,
şu gün – 14-nji dekabrda hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni
bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Gutlagynda: «Siziň ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde, milli
ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy.
Pudakda alnyp barylýan öndürijilikli işler esasynda döwletimiz ýangyç çig
malynyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy.
Türkmenistan bu ugurda halkara derejedäki ençeme taslamalara badalga bermek
bilen, özüniň uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna,
geljek nesillerimize hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hyzmat
etmegini gazanmak babatda öňde uly wezipeleri goýýar» diýen buýsançly jümleler bar.
Düýn paýtagtymyzyň
Berkararlyk etrabynyň çäginde «Türkmennebit» döwlet konserniniň
«Türkmennebitönümleri» baş müdirligine degişli awtoulaglara ýangyç guýujy täze
bekediň ulanmaga berilmegi, «Türkmengaz» konserniň «Türkmengazburawlaýyş»
müdirliginiň gazçylarynyň Tagtabazar gaz känindäki 29-njy belgili ulanyş-baha
beriş guýusyndan, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň
«Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylarynyň «Galkynyş» gaz
känindäki 312-nji ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli gaz
akymyny almaklary Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň
işgärleriniň hünär baýramyna özboluşly sowgat boldy.