«BAIC» kompaniýasy özüniň minalara
çydamly täze awtoulagy bilen tanyşdyrdy. B100J kysymly 4×4 çekijilikli
sowutlanan awtoulagyň esasy aýratynlyklary ýokary goraglylygy, çaltlygy we
harby gullukçylary daşamak üçin amatlylygydyr. Tehnikanyň öz agramy 11 tonna,
ýük göterijilik mukdary bolsa 3 tonna barabardyr. Onuň uzynlygy 6,3 metr, boýy
hem-de ini bolsa 2,4 metre deňdir. Bu harby tehnikanyň öň tarapky aýnalary ok
geçirmeýär. Awtoulagyň her tarapynda bir kiçijek gapysy bar we onuň jemi 10 sany
adamy daşamaga mümkinçiligi bar.
Bulardan başga-da, tehnika 6 tizlik
geçirijiligi bilen hereket edip, iň ýokary tizligi 120 km/sag-dyr. Ulagyň minalara
çydamly esasy aýratynlygy bolsa, partlama garşy ýörite maddalar bilen
doldurylan 160 litrlik ýag gabynyň barlygydyr.