3-nji
sentýabrda Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini wagyz etmekde
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny» atly maslahat geçirildi, onuň çäklerinde arheologiýa
tapyndylarynyň sergisi guraldy.
Bu çärä döwlet
taryhy-medeni goraghanalaryň ýolbaşçylary, ylmy-barlag edaralarynyň wekilleri,
köpsanly arheologiýa toparlaryna gatnaşyjylar, ýokary okuw mekdepleriň
talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň
maksady köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen dünýä
siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolan ýurdumyzyň taryhy-medeni
ýadygärlikleriniň ägirt uly ähmiýetine giň jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden
ybaratdyr. Merdana ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesli Watanymyza söýgi,
onuň milli gymmatlyklaryna we ruhy ýörelgelerine wepalylyk ruhunda terbiýelemek
işinde köp asyrlyk şanly taryhymyzy öwrenmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi.